Türkmen we Iňlis dillerinde “gepleýän” we “eşidýän” ilkinji Akylly sözlük: Makul Sözlük
“Makul Sözlük” sanly we sesli sözlük taslamasy Türkmen we Iňlis dilindäki sözlük taslamasy bolup, 15 müňden gowrak esasy sözi özünde jemleýär. Makul Sözlükden sinonimleri hem hasaba alanyňda jemi 25 müňden gowrak Türkmen dilinden Iňlis diline, şeýle hem Iňlis dilinden Türkmen diline sözleri tapyp bilersiňiz. Sanly we Sesli sözlük – Makul Sözlük “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlap durmuşa geçirýän taslamasydyr.
Biz sözlügimizde “Makul Hyzmat” terjime merkeziniň rugsat bermegi bilen bu merkeziň nyşanyny ulandyk. “Makul Sözlükden” peýdalanmak isleýän bolsaňyz, onda, Sizi www.makulsozluk.com saýtyna çagyrýarys. Ýakyn wagtda sözlügiň Android. Bellemeli zat, bu sanly we sesli sözlük taslamasy barada pikir ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatynyň San-Fransisko şäheriniň ýakynlarynda ýerleşýän sanly tehnologiýaly startuplaryň merkezi hasaplanýan Palo Altoda- Silikon jülgesinde jemlendi.
Akylly sözlük: Makul Sözlük
“Makul sözlügiň” beýleki köp sanly sözlüklerden tapawutly tarapy sanly sözlük bolmagydyr. Ýakynda Google Sözlügiň “Türkmen dilindäki” nusgasynyň durmuşa geçendigini we az sanly bolsa hem, Türkmen-Iňlis dillerinde beýleki sanly sözlükleriň bardygyny belläp geçeliň!
Taslamanyň iň esasy aýratynlygy bolsa Sesli Sözlük bolmagydyr. Ýagny, Makul Sözlük Türkmen dilinde “gepleýän” ilkinji sözlükdir. Siz Türkmen dilindäki we Iňlis dilindäki sözleriniň diňe ýazmaça görnüşini däl-de eýsem ol sözleri sesli hem diňläp bilersiňiz.
“Sesli gözleg” : Makul Gözleg
“Makul Sözlük” taslamasynyň ýene bir aýratynlygy bolsa, sözleri “sesli gözleg” bilen tapmak mümkinçiliginiň bermegidir. Ýagny, Siz isleýän we gözleýän sözleriňizi diňe ýazyp tapmak däl, eýsem, sözlükdäki ýörite programmanyň üsti bilen “sesli gözleg” edip tapyp bilersiňiz. Mysal üçin siz “lawyer” sözini eşitdiňiz we bu söziň manysy bilmek isleýän bolsaňyz, onda, “Makul Sözlüge” “lawyer” diýip, aýtmagyňyz ýeterlik, ol Size bu sözüň Türkmen dilindäki garşylygy aýdar.